+993 (12) 39-03-78 ulagexh.hj@gmail.com Türkmenistan, Aşgabat, Arçabil şaýoly 126

IRU Türkmenistanyň gümrük pudagynyň sanlylaşdyrylmagyny goldaýar

Awtomobil ulaglarynyň halkara Birleşigi (IRU) Türkmenistanyň gümrük pudagy üçin sanly üsthatlary ornaşdyrmakda Halkara ýol gatnawçylary türkmen birleşigine (THADA) goldaw berdi. Bu barada IRU-nyň TIR we üstaşyr bölüminiň müdiri Tatýana Reý-Belleniň sözlerine salgylanyp, «Trend» habar berdi.

Tatýana Reý-Belleniň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň 2022-nji ýylyň dekabrynda «e-CMR» teswirnamasyna (ulag üsthatynyň elektron görnüşi) goşulmagy bu goldawyň netijesi boldy.

— Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň gümrük we ulag edaralary IRU-nyň sanly üsthatlaryň (e-CMR) ylalaşykly çemeleşmäniň binýadynda iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine goldaw bermek üçin döredilen BMG ÝYK-yň ýörite toparynyň çägine girýän beýleki ýurtlaryň hünärmenleri bilen hyzmatdaşlyk etmek baradaky teklibine işjeň jogap berdiler — diýip, hünärmen belledi.

Mundan başga-da, ol 2022-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň hökümetiniň halkara söwda we ulag pudagynda amaly we görnükli netijeleri gazanyp, netijeli we ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirendigini aýtdy.